mejbur

mejbur
[mejbu:r]
Bialaç, çäresiz, boýun.
∙ Men ýene sag elimi size uzatmaga mejbur. (G. Muhrarow, G. Seýitliýew, Çopanogly)
∙ Me saňa bir syry aýtmaga mejbur bolýan. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
∙ Artygyň agyr ýagdaýy ony uzak oýlanmaga mejbur etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Öz gödekligim bilen men seni aýazda durmaga mejbur etdim. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
∙ Bu ýalňyşlaryny bize hormat goýany üçin boýun almaga mejbur bolan ýaly bolup görünýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем написать курсовую

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»